Döwrebap desgalar — ösüşleriň binýady

9 Maý 2024
280

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her bir güni rowaçlyklara beslenýär. Häzirki wagtda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň», şeýle hem ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň esasynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, şol sanda senagat we gurluşyk önümçiligi pudagyny ösdürmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda gurulýan desgalaryň ählisi geljekki nesilleriň-de eşretli durmuşynyň şu günlerden üpjün edilmegini aňladýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 8-nji maýda Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasynda ak pata bermegi bilen baglanyşykly wakalar hem muňa şaýatlyk edýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze desganyň açylyş dabarasynda eden Çykyşynda: «Senagat we gurluşyk önümçiligi ykdysadyýetimiziň iri pudaklarynyň biri bolup durýar» diýip belleýşi ýaly, ajaýyp zamanamyzda bu ugurda amala aşyrylýan işler yzygiderli häsiýete eýe bolýar. Sebäbi döwür bilen aýakdaş gadam urmak ähli ugurlarda döwrebap tehnologiýalaryň durmuşa ornaşdyrylmagyny talap edýär. Bu uly gurluşyklaryň halkara standartlaryna laýyk gelýändigi baradaky güwänamalara mynasyp bolmagy bolsa amala aşyrylýan işleriň ýokary netijeliliginden habar berýär. Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen ulanylmaga berlen Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynda öndüriljek önümleriň içerki we daşarky bazarda uly islege eýe boljakdygyny bu desganyň gurluşygynda ýerine ýetirilen inženerçilik hyzmatlarynyň we ornaşdyrylan enjamlaryň Germaniýanyň senagat standartlaryna (DIN), sement senagatynyň standartlaryna, Halkara elektrotehnika komissiýasynyň (IEC) we ISO standartlaryna laýyk gelýändigini tassyklaýan güwänamanyň gowşurylmagy-da subut edýär. Ýeri gelende Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda gurlup ulanylmaga berlen Bäherden, Balkan we Lebap sement zawodlarynyň dünýä standartlaryna laýyk gelýän önümleriniň bu günki gün diňe bir içerki däl, daşarky bazarda-da uly islegden peýdalanýandygyny hem ýatlap geçmelidir. Şeýle giň gerimli işler ýurdumyzda gurluşyk senagatyny ösdürmäge, kärhanalaryň önümçilik kuwwatyny artdyrmaga aýratyn ähmiýet berilmegi netijesinde hasyl bolýar.

Eziz GUMANOW,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Ahal welaýat bölüminiň hünärmeni.
Beýleki habarlar