Watan gahrymanlaryna ebedi şöhrat!

8 Maý 2024
456

Ýurdumyzda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň weteranlary, olaryň ýanýoldaşlary, tylda zähmet çeken raýatlarymyz aýratyn üns we alada bilen gurşalyp alnandyr. Watana çyn ýürekden hyzmat etmegiň göreldesini görkezen gahrymanlarymyz ýurdumyzda geçirilýän beýik özgertmelere buýsanyp, täze eýýamda eşretli döwrümiziň hözirini görüp ýaşaýarlar. Hormatly ýaşulular, eneler halkymyzyň agzybirligini we jebisligini berkitmekde, ýaşlarymyza edep-terbiýe bermekde, olary watançylyk ruhunda terbiýelemekde, däp-dessurlarymyzy wagyz etmekde görelde mekdebi bolup durýarlar.

1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşanlaryň söweşlerde görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylygy hem-de uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken ak saçly enelerimiziň görkezen nusgalyk edermenligi hemişe hormata mynasypdyr. Olaryň nusgalyk ömür ýollary ýaş nesillerimizi watançylyk, gahrymançylyk, mertlik ruhunda terbiýelemekde hem-de halkymyzyň agzybirligini, jebisligini berkitmekde egsilmejek hazynadyr. Şeýle ýowuz günleriň garşysynda döş gerip duran merdanalarymyzyň gazanan Ýeňşi doganlyk halklaryň ençemesi bilen birlikde, her ýylyň 9-njy maýynda ýurdumyzda hem uly dabaralar bilen bellenilip geçilýär.

Pirmyrat Halmyradow,
maýor.
Beýleki habarlar