Bedew bady bilen belent ösüşlere tarap

8 Maý 2024
225

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň geljeginiň has-da eşretli we abadan bolmagy, uly özgerişlere beslenýän ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýär. Döwlet Baştutanymyzyň üstünliklere beslenýän her bir maksat-tutumynda «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen dünýä nusgalyk ynsanperwer ýörelgeleriň rowaçlyklara beslenýändigini görmek bolýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem eziz Diýarymyzda il-ýurduň bähbitlerine hyzmat etjek täze desgalar, medeni-durmuş bähbitli binalar gurulýar, uly ösüşler gazanylýar. 

Hormatly Prezidentimiziň 3-nji maýda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde belleýşi ýaly, Garaşsyz ýurdumyzda şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hem kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär. Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterime deň bolmagy milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde oňat netijeleriň gazanylýandygyny aýdyň subut edýär.

«Balkan».
Beýleki habarlar