Watanymyzyň ykdysady kuwwaty artýar

7 Maý 2024
224

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzyň sebitlerini toplumlaýyn ösdürmek, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak we onuň eksport mümkinçiliklerini giňeltmek, ähli ulgamlara öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, şonuň esasynda dürli senagat, oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak, Watanymyzyň ynamly öňe gitmegini üpjün etmek, halkymyzyň rowaçlygyny yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigini geçen hepdäniň wakalary aýdyňlygy bilen subut etdi.

2-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Şeýle-de Garaşsyz Watanymyzda howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

«Ahal durmuşy».
Beýleki habarlar