Durnukly ykdysady ösüş üpjün edilýär

6 Maý 2024
327

Häzirki wagtda ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda işler sazlaşykly we talabalaýyk guralyp, öňde goýlan möhüm wezipelere jogapkärçilikli çemeleşilýär. Muňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 3-nji maýda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň mysalynda aýdyň göz ýetirmek bolýar. Mejlisde şu ýylyň geçen dört aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi, şeýle hem beýleki käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, degişli döwürde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada Mejlisiň Başlygynyň maglumaty, wise-premýerleriň hasabatlary diňlenildi, öňde durýan möhüm wezipelere üns çekildi we milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmek bilen bagly tabşyryklar berildi. Nygtalyşy ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3 göterime deň boldy. Görlen toplumlaýyn çäreleriň netijesinde, dört aýyň dowamynda jemi içerki önümiň durnukly ösüşiniň üpjün edilmegi ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgeleriň dabaralanýandygyny äşgär görkezýän hakykatdyr.

MILLI KANUNÇYLYK BINÝADYMYZ BERKIDILÝÄR

«Nesil».
Beýleki habarlar