Daýhan yhlasly — toprak bereketli

3 Maý 2024
376

29-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, welaýatlaryň häkimleri sebitlerde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabatlary berdiler. Obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýeriň hasabatynyň özenini hem möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy baradaky maglumatlar düzdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda pagtaçy daýhanlarymyz tarapyndan gowaça ekişi alnyp barylýar, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri dowam edýär. Diýarymyzda ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak, bu önümler bilen ilaty bolelin üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ekinleri ekmek, olara agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri dowam etdirilýär.

«Nesil».
Beýleki habarlar