Bagta badalga ýollar

2 Maý 2024
332

Gurmak, döretmek, ýol çekmek ata-babalarymyzdan miras galan döwletli ýörelgedir, sogap işdir. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen bu mukaddes ýörelge dünýä nusga alarlyk derejede dowam etdirilýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan gadymy Beýik Ýüpek ýoluny zamanabap röwüşde döwrebap desgalar bilen gaýtadan dikeldýär.

Täze taryhymyzyň iň bir şanly sahypalarynyň biri bolan Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen köpugurly ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek arkaly Türkmenistanyň geoykdysady mümkinçiliklerini doly peýdalanmak boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de ýurdumyzyň milli ykdysadyýetinde hususy pudagyň tutýan ornuny artdyrmak maksady bilen, 2019-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda uzynlygy 600 kilometre deň bolan «Aşgabat — Türkmenabat» ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyna badalga berlip, oňyn ösüşlere beslenýän ýurdumyzyň ulag ulgamynda ýene-de ähmiýetli işiň başy başlandy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň toýlaryny goşalandyryp, 17-nji aprelde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda bu ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyp ulanylmaga berilmegi halkymyzyň buýsanjyny has-da artdyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen, 2021-nji ýylyň güýzünde ulanylmaga berlen ýoluň 203 kilometrlik Aşgabat — Tejen böleginiň açylyşy hem göwünleri galkyndyran pursatlaryň biri bolup, ýatda galypdy.

Myrat MYRADOW,
Baýramaly etrabynyň prokurory, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.
Beýleki habarlar