Eşretli durmuşyň ygtybarly binýady

2 Maý 2024
280

Ýurdumyzyň ähli pudaklarynda zähmet gatnaşyklarynyň hyzmatdaşlygyny sazlaşykly ösdürmekde jemgyýetçilik guramalarynyň wajyp orny bar. Mälim bolşy ýaly, Kärdeşler arkalaşyklarynyň birleşikleri jemgyýetçilik guramasy bolmak bilen, döwlet edaralarynda, jemgyýetçilik birleşiklerinde, eýeçiligiň görnüşine garamazdan, dürli zähmet we önümçilik ojaklarynda işgärleriň durmuş-ykdysady, zähmet hukuklaryna, kanuny bähbitlerine wekilçilik edýärler hem-de goraýarlar. Kanunçylykda nygtalyşy ýaly, işgärleriň kärdeşler arkalaşyklary guramalaryna erkin birleşmäge haky bardyr.

Döwletimizde Kärdeşler arkalaşyklaryny döretmegiň, olaryň hereket etmeginiň guramaçylyk-hukuk esaslary, hukuklary we işleriniň kepillikleri 2013-nji ýylda kabul edilen «Kärdeşler arkalaşyklary, olaryň hukuklary we işiniň kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda kesgitlenilýär. Kärdeşler arkalaşyklary durmuş-zähmet gatnaşyklaryny kadalaşdyrmakda işçi güýjüniň zähmet şertleri bilen üpjün edilmegi, durmuş adalatlylygynyň, netijeli we ynsanperwer ykdysadyýetiň ýola goýulmagy, zähmet çygrynda zähmetkeşleriň hukuklaryny hem-de bähbitlerini goramak ýaly wezipeleri ýerine ýetirýärler. Bu Kanun 5 bapdan, 26 maddadan ybaratdyr.

Gülzar AŞYROWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar