Täze belentlikleri nazarlaýan hyzmatdaşlyk

2 Maý 2024
255

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 28-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Raisi Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Bu duşuşyk we belent mertebeli myhman bilen daglyk ýerleriň gözel künjeginde, çeşmäniň ugrundaky baglarda edilen gezelenç wagtyndaky söhbet «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda alnyp barylýan işleriň ähmiýetine has içgin hem giňişleýin düşünmäge, galyberse-de, olary mynasyp wagyz etmäge itergi berdi.

Hemmämiziň ýadymyzdadyr, Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň 11-nji martynda türk teleýaýlymyna beren interwýusynda: «Döredijilikli syýasy maksatlarda — parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy saklamakda, deňhukuklylyk, özara hormat goýmak ýörelgelerini goramakda, halkara hukugyň we BMG-niň Tertipnamasynyň ykrar edilen kadalaryna eýermekde öz abraýymyzy, täsirimizi, tejribämizi ulanmak zerurdyr. Şeýle hem dünýäde türki medeniýeti, biziň halklarymyzyň örän baý taryhy-medeni, ynsanperwer mirasyny, türki edebiýatçylarynyň, sazandalarynyň, suratkeşleriniň, kinematograflarynyň üstünliklerini giňden ýaýmak ileri tutulýan ugurlar bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýyl beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly toýunyň bellenilmegi ajaýyp mümkinçilikleri açýar. Türkmen halkynyň beýik ogly, şol bir wagtda türki dünýäniň hem wekilidir. Ol öz eserlerinde türki halklaryň gadymdan gelýän gymmatlyklaryny we aýratynlyklaryny — watançylygyny, maşgala wepalylygyny, däp-dessurlara hormat goýşuny, harby edermenligini, aç-açanlygyny wasp edipdir» diýip belledi. Munuň özi köpasyrlyk taryhy gatnaşyklar, medeniýetiniň, diliniň, däp-dessurlarynyň umumylygy baglanyşdyrýan tatar halky babatda-da aýdylandyr.

«Adalat».
Beýleki habarlar