Döwlet Baştutanymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarynyň şuglasy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir döwletli tutumynda şöhlelenýär.
Ýakynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meselelerine garaldy hem-de döwletimiziň milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, onuň çäklerinde Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň, «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamalaryny taýýarlamak babatda aýdyldy.