Täze jaýlar gutly bolsun!

2 Maý 2024
423

Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda şu ýylyň 27-nji aprelinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda geçirilen dabaralar juda täsirli boldy.

Mälim bolşy ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli özüne sowgat berlen behişdi bedewleri Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň professor-mugallymlaryna, talyplaryna gowşurdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Halkara atçylyk akademiýasynyň professor-mugallymlaryna, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň alymlaryna, Arkadag şäheriniň atşynaslaryna «akylly» şäherde gurlan döwrebap ýaşaýyş jaýlaryndan 120 maşgala niýetlenilen täze jaýlaryň açarlaryny sowgat hökmünde berdi. Bu taryhy wakalar hormatly Prezidentimiziň: «Her bir maşgalany häzirki zaman öýi ýa-da jaýy bilen üpjün etmek meniň esasy aladalarymyň biri bolar» diýen sözleriniň yzygiderli durmuşa geçirilýändigini tassyklady.

Annageldi NURYÝEW,
Arkadag şäher kazyýetiniň uly maslahatçysy.
Beýleki habarlar