Türkmenistan ösüşleriň ýolunda bedew bady bilen öňe barýar

2 Maý 2024
640

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralar geçen hepdäniň wakalaryna aýratyn öwüşgin çaýdy. Bu günki gün şan-şöhraty dünýä dolan ahalteke bedewleri döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygynyň, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň döredijilik kuwwatynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

22-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Maslahatda gowaça ekişini bellenen möhletlerde tamamlamak, bugdaý, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda degişli ideg işlerini ýerine ýetirmek, pile möwsümini guramaçylykly geçirmek meselelerine aýratyn üns çekildi. Şunuň bilen bir hatarda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda göz öňünde tutulan wezipeleriň amala aşyrylmagyny berk gözegçilikde saklamagy, howanyň gyzmagy bilen baglylykda, ýangyn döredip biläýjek ýagdaýlaryň öňüni almak boýunça çäreleri görmegi tabşyrdy.

(TDH)
Beýleki habarlar