«Arzuwlan zamanaň geldi, Pyragy!» atly maslahat geçirildi

1 Maý 2024
480

Şu gün Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň mejlisler jaýynda «Arzuwlan zamanaň geldi, Pyragy!» atly döredijilik maslahaty geçirildi. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bagyşlanyp geçirilen bu maslahata halypa döredijilik işgärleri bilen birlikde ýaşlar hem gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler biziň ýurdumyzda türkmen taryhynda uly yz goýan şahsyýetlere uly hormat goýulýandygyny aýratyn nygtap, Gündogaryň görnükli şahyry Magtymguly Pyragynyň hem edebi mirasyny öwrenmäge we dünýä ýaýmagy giň mümkinçiligiň döredilýändigini bellediler. Şu ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi-de akyldar şahyryň mertebesiniň belentden tutulýandygyny aýdyň güwäsidir. Maslahatda çykyş edenler üstümizdäki ýylda akyldar şahyryň hormatyna dürli maslahatlaryň, halkara ylmy maslahatlaryň hem yzygiderli geçirilýändigi bellediler. Döredijilik adamlary akyldar şahyra bagyşlap dürli eserleri döredýärler.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň ýaşlaryna ýüzlenip «Ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys» diýip nygtaýar. Maslahatda çykyş eden ýaşlar özleri üçin döredijilip berilýän giň mümkinçilikler üçin çuňňur hoşallyklaryny bildirip, ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Maslahatda akyldar şahyrymyza bagyşlanan goşgular okaldy.

«Garagum».
Beýleki habarlar