Döwürleriň we göwünleriň buýsanjy

29 Aprel 2024
209

Türkmenistanda Türkmen bedewiniň milli baýramy bellenildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň kökleri müňýyllyklara uzaýan gadymy atşynaslyk däpleri dowamata atarylýar. Ahalteke bedewiniň dünýädäki şan-şöhratyny artdyrmak hem-de wagyz etmek boýunça türkmen halkynyň Milli Lideriniň başyny başlan işleri hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, 28-nji aprelde ýurdumyzda giňden bellenilen Türkmen bedewiniň milli baýramy uly ähmiýete eýe bolup, döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagyndaky esasy baýramçylyk çäreleri Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda ýaýbaňlandyryldy.

«Nesil».
Beýleki habarlar