Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň geçiren duşuşyklary

29 Aprel 2024
189

26-njy aprelde irden türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, döwrebap ahalteke atçylyk athanasyna geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy, GFR-iň “Jeýkob Ferdezuçt GBR” atçylyk firmasynyň direktory Katarina-Irena Anna-Margarita Ýakob bilen gürrüňdeş boldy hem-de Arkadag şäheriniň futbol toparynyň türgenleri bilen duşuşdy.

Gahryman Arkadagymyz bu ýerde halkymyzyň hem-de umumadamzat medeniýetiniň gymmatlygyna öwrülen ganatly bedewleriň hormatyna guralýan dabaralara gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy, GFR-iň “Jeýkob Ferdezuçt GBR” atçylyk firmasynyň direktory Katarina-Irena Anna-Margarita Ýakob bilen duşuşyp, ahalteke atlarynyň dünýädäki şöhratynyň belende galmagy ugrunda halkara giňişlikde amala aşyrylýan işler boýunça pikir alyşdy.

Beýleki habarlar