Arkadag şäherindäki duşuşyklar

27 Aprel 2024
266

26-njy aprelde irden türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, döwrebap athana geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy, GFR-iň «Jeýkob Ferdezuçt GBR» atçylyk firmasynyň direktory Katarina-Irena Anna-Margarita Ýakob bilen gürrüňdeş boldy. Arkadag şäheriniň futbol toparynyň türgenleri bilen duşuşdy.

Gahryman Arkadagymyz bu ýerde halkymyzyň hem-de umumadamzat medeniýetiniň gymmatlygyna öwrülen ganatly bedewleriň hormatyna guralýan dabaralara gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Katarina-Irena Anna-Margarita Ýakob bilen duşuşdy. Ahalteke atlarynyň dünýädäki şöhratynyň belende galmagy ugrunda halkara giňişlikde amala aşyrylýan işler boýunça pikir alyşdy.

«Watan».
Beýleki habarlar