Şanly dabaralar ýokary ruhubelentlige beslenmelidir

26 Aprel 2024
302

25-nji aprelde döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleriniň birnäçesi girizildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy milli kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrüň talaplaryna laýyklykda mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy baradaky hasabatlar bilen çykyş etdiler. Hasabatlary diňläp, hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny ösdürmek bilen bagly öňde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi, anyk tabşyryklary berdi.

«Nesil».
Beýleki habarlar