Kalba ylham berýän ganatly bedew

18 Aprel 2024
179

Halkyň beýikligi onuň döreden gymmatlyklary, geljekki nesillere galdyran mirasy bilen ölçenilýär. Türkmen halkynyň medeni mirasynyň altyn hazynasynda behişdi bedewler aýratyn orun eýeleýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda halkymyzyň medeni mirasyny aýap saklamak, baýlaşdyrmak, ony dünýä derejesinde dabaralandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän işler giň gerime eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň behişdi bedewlere söýgüsi Beýik Biribaryň milletimize peşgeş beren bu ajaýyp barlygynyň şöhratyny has-da beýgeldýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz hem-de hormatly Prezidentimiz tarapyndan milli buýsanjymyz bolan bedew atlar çuňňur alada bilen gurşalýar. Munuň şeýledigine Milli Liderimiziň Arkadag şäherine ýakynda amala aşyran iş saparynyň mysalynda ýene bir gezek göz ýetirdik. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy tarapyndan alnyp barylýan işler hem-de hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda açylyp ulanmaga berlen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda ilkinji gezek bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşmagy ajaýyp gymmatlyga goýulýan belent sarpanyň nobatdaky nyşany boldy.

«Adalat».
Beýleki habarlar