ony ýurdumyzyň uzak ýaşly eneleri özleriçe açýarlar
Ylym hernäçe kämilleşip, adamzat aňy össe-de, ynsanyň ömür dowamlylygynyň, uzak ýaşamagynyň sebäplerini öwrenmek gadymyýetiň alhimiklerinden başlap, häzirki döwrüň alymlaryna çenli gyzykly we syrly bolmagynda galýar. Watanymyzda uzak ýaşamak boýunça rowaýata öwrülen, 2022-nji ýylda 122 ýaşynda aradan çykan maryly ene Ajapsoltan Hajyýewa bilen 2021-nji ýylyň baharynda söhbetdeş bolanymyzda, ol: «Ýurduň parahat bolmaly, zähmeti tüýs ýürekden söýmeli, adamlary hormatlamaly» diýip, uzak ýaşamagyň syryny özüçe düşündiripdi. Gahryman Arkadagymyzyň hem belleýşi ýaly, eziz Diýarymyzda uzak ýaşly adamlaryň köp bolmagy ýurduň abadançylygyny, parahat, asuda, bagtyýar durmuşy alamatlandyrýar.