Ylham dürdäneleri

6 Mart 2024
641

Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, «Ylym» neşirýaty Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň taýýarlan «Magtymguly — ylham çeşmesi» hem-de Taryh we arheologiýa institutynyň taýýarlan «Beýik Magtymguly we türkmen durmuşy» atly makalalar ýygyndylaryny çap etdi.

Neşirlerde nygtalyşy ýaly, Gündogar edebiýatynyň parlak ýyldyzy Magtymguly Pyragynyň adamzat gymmatlyklaryny nazarlaýan edebi mirasy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň howandarlygynda dünýä ýaýylýar. Makalalarda şahyryň köpöwüşginli şygryýetiniň dürli ugurlary ylmy taýdan derňelip, häzirki döwürde bu ugurda gazanylýan üstünlikler dolulygyna açylyp görkezilýär. «Beýik Magtymguly we türkmen durmuşy» atly ylmy makalalar ýygyndysynda akyldar şahyryň ýaşan döwri, şol döwrüň medeni-durmuşy beýan edilýär. Täze ylmy gözleg-barlaglaryň esasynda, beýik şahyryň edebi mirasynyň üsti bilen, halkymyzyň ruhy-filosofik dünýäsi yzarlanýar.

Rahmanberdi GÖKLEŇOW.
«Türkmenistan».