Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly belent maksatlar we beýik tutumlar bilen badalga aldy. Muňa hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň 2023-nji ýylyň jemlerine bagyşlap geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň, şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklygynda geçirilen Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň jemleri, olarda kabul edilen resminamalar we öňde goýlan wezipeler hem aýdyň şaýatlyk edýär.
Berk hukuk binýatly döwletimizde parahatçylyk, asudalyk, abadançylyk, agzybirlik höküm sürýär, halkymyz bagtyýar we bolelin durmuşda ýaşaýar. Bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport ulgamlaryna, ekologik abadançylyga aýratyn üns berlip, adam hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan iň möhüm ugurlarynyň hatarynda durýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde-de muňa ýene bir ýola aýdyň göz ýetirdik. Onda kabul edilen döwlet ähmiýetli möhüm çözgütler halkyň bähbitlerini, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşlerini nazarlaýar. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgesiniň, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş şygarynyň esasynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň her bir raýatyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagyna, şunda adamlar üçin döredilýän şertleriň has-da döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilendiginiň ýene bir aýdyň güwäsidir.