Adamzat kalbynda orun alan ussat

27 Fewral 2024
321

Bahodir KARIMOW,
Alyşir Nowaýy adyndaky Daşkent döwlet özbek dili we edebiýaty uniwersitetiniň professory, filologiýa ylymlarynyň doktory.

Magtymguly Pyragynyň gaýtalanmajak poetik döredijiligi we dünýäniň şygryýet hazynasyna goşan goşandy Günbatardyr Gündogardaky iň meşhur şahyrlaryň edebi mirasyndan pes däl. Bu akyldar şahyr öz milletiniň başynyň täjidir. Üstümizdäki ýyl türkmen halkynyň buýsanjy, ruhy aýnasy Magtymgulynyň doglan gününe 300 ýyl dolýar. Aslynda, Pyragy diňe bir türkmeniň däl, bütin dünýäniň, şol sanda özbek halkynyň hem iň bir söýgüli şahyrydyr. Goşgulary özboluşly pelsepewi ýordumy, dünýä akyl ýetiriş çuňlugy hem-de diňe özüne mahsus äheňi bilen islendik adamyň kalbyna ýol salyp bilýär.

Beýleki habarlar