Bagtyýarlyk serpaýy

27 Fewral 2024
286

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň gülläp ösmeginde we özgertmeleri amala aşyrmakda zenanlarymyzyň bitirýän uly hyzmatlaryna aýratyn sarpa goýulýar. Her ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň «Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň aýal-gyzlaryna pul sowgatlaryny bermek hakynda» Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyzyň gol çekýän Buýrugyna laýyklykda, ýurdumyzyň aýal-gyzlaryna pul sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurylýar. Şa serpaýy ähli türkmenistanly zenanlaryň baýramçylyk ruhubelentligini has-da artdyrýar. Ine, ýakynda hem Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu barada degişli resminama gol çekip, göwnümizi galkyndyrdy.

Öňde bir dananyň «Bagt näme?» diýen sowala: «Bagt — bu gadyryň bilinmegi» diýip beren jogaby bilen ylalaşmazlyk mümkin däl. Çünki biz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, gadyryň bilinýän, eden işiňe mynasyp baha berilýän döwürde ýaşaýarys. Şeýle gadyrlanyp ýaşamak ýaşaýşa höwesiňi artdyryp, göwnüňi galkyndyrýar.

Ogulsuraý SÄHETMYRADOWA,
Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 88-nji orta mekdebiň mugallymy.