Ýeňşe beslenýän türgenleşikler

27 Fewral 2024
408

Futbol boýunça ýurdumyzyň çempiony «Arkadag» toparynyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirýän okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny türkmen janköýerlerini begendirýän ýoldaşlyk duşuşyklarynyň netijesi bezeýär. Ilkinji «akylly» şäherimiz bilen adybir topar şeýle duşuşyklaryň ýene birini geçirdi. Has takygy, 16-njy fewraldan bäri täze möwsümde Dubaýda taýýarlyk görüp gelýän çempionymyz geçen ýyl Gyrgyz Respublikasynda bassyr ikinji çempionlygyny yglan eden Kant şäheriniň «Abdyş-Ata» futbol topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Duşuşyk «Arkadag» toparynyň 2:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Türkmen toparynyň gollaryny hüjümçiler Didar Durdyýew bilen Altymyrat Annadurdyýew geçirdi.

«Abdyş-Atanyň» AFK-nyň kubogynyň Merkezi sebitinde çempion bolup, yklymyň ikinji derejeli toparlaýyn ýaryşyny dowam etdirmäge hukuk gazanandygyny nazarda tutsak, biziň çempionymyzyň şeýle güýçli topardan üstün çykmagy guwandyryjy ýagdaýdyr. Bu oýun türkmen futbolçylarynyň özara duşuşygyna-da öwrüldi. Häzirki wagtda milli ýygyndymyzyň hem köýnekçesini geýen futbolçylarymyz Süleýman Muhadow bilen Teýmur Çaryýew futbol ýoluny «Abdyş-Ata» toparynda dowam etdirýär.

Agageldi ITALMAZOW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar