Jandarlar bir ýerden başga ýere möwsümleýin göçýärler. Muňa olaryň ýaşaýan ýerlerinde iýmitiň ýetmezçiligi, gurakçylyk, suwuň derejesiniň üýtgäp durmagy, ýokary galmagy ýa-da çekilmegi, doňmagy, adam işewürligi we beýlekiler sebäp bolýar. Bu guşlar babatda-da şeýle. Olar beýleki jandarlara garanda, gysga wagtyň içinde uzak aralygy geçýärler. Guşlar köplenç şol bir ugur boýunça uçup, kenar ýakalarynda aram-aram düşläp, iýmitlenenlerinden soň, ýollaryny dowam edýärler. Haýran galaýmaly tarapy hem guşlaryň göçüşleriniň biri-biriniňkä meňzemeýänligidir. Sakarbarak, tersaýak, çuluk (käbir görnüşleri), baýguş gün ýaşandan soň uçsa, serçe, sar, torgaý, garlawaç, goýunguşlar, geçiguşlar gündiz göçýärler.
Ördek, çarlak, çärik gije-gündiz uçýan guşlardyr. Uçup barýan guşlara howa şertleri hem täsir edýär, ýel öňünden bolsa pessaýlaýarlar, tersine, yzlaryndan bolsa ýokary galýarlar. Uçup barýan ördek, jüptün, çuluk ýaly, suw guşlary gury ýere golaýlanlarynda 50 – 100 metr ýokary galyp, suwy görenlerinde aşak gaýdýarlar. Suwda we batgada ýaşaýan guşlaryň müňlerçesi ýylda iki gezek (ýaz we güýz) Hazar deňziniň üstünden uçup geçýärler. Olaryň köp sanlysy goraghananyň Türkmenbaşy, Balkan, Demirgazyk Çeleken aýlaglarynda, Esenguly-Çekişler, Aýym, Garşy kenarýaka saý suwlarynda arly gyşy geçirmek üçin galýarlar.