Belent maksatlara ruhlandyrýan kitap

3 Ýanwar 2024
490

Düýn Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň täze ýylyň öňüsyrasynda halkymyza ajaýyp sowgat bolan «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarydyr işjeň agzalary, deputatlar, saglygy goraýyş, bilim işgärleri, şol sanda ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, köp sanly ýaşlar hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Tanyşdyrylyş dabarasynyň dowamynda çykyşlara giň orun berildi. Bu ýerde söz sözlänler döwlet Baştutanymyzyň ilkinji kitabynyň baý many-mazmun we bezeg aýratynlyklary, watansöýüji, ylymly-bilimli ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekdäki ähmiýeti, onda türkmen ýaşlarynyň geçen, 2023-nji ýylda dürli ugurlarda gazanan üstünlikleriniň, olar üçin döredilen döwrebap mümkinçilikleriň beýan edilişi hakynda giňişleýin söhbet etdiler. Şeýle hem täze kitabyň okyjylara gowuşmagy, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň başlanmagy mynasybetli, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza we ähli türkmen halkyna gutlaglar, arzuwlar aýdyldy. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň bu çeper-dokumental kitaby «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda geçen ýylda türkmen ýaşlarynyň gazanan üstünlikleriniň özboluşly jemlenmesi hem-de waspnamasydyr. Şonuň bilen birlikde, ol 2023-nji ýylda ýurdumyzda, halkymyzyň durmuşynda bolup geçen taryhy wakalary-da şöhlelendirýär. Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan döwrebap usulda neşir edilen kitabyň sahypalarynda bagtyýar ýaşlarymyzyň durmuşyndan bagtly pursatlary açyp görkezýän ýokary hilli fotosuratlaryň hem ýerleşdirilendigi onuň täsirliligini has-da artdyrýar.

Ýazga geçiren Aýmyrat PIRJIKOW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Ahmet TÜRŞEKOW.
Beýleki habarlar