Bagtyýar çagalygyň ýurdunda

3 Ýanwar 2024
406

Düýn Täze ýyl baýramy mynasybetli guralýan dabaralar Arkadag şäherinde şatlyk-şowhuna beslenip dowam etdi.

Baýramçylyk dabaralary, ilki bilen, «Märkaw» myhmanhanasynda we Arkadag şäheriniň Baş arçasynyň ýanynda ýaýbaňlandyryldy. Olara medeniýet we sungat işgärleri bilen bir hatarda teatr artistleri, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň sirk ussatlary, Aýazbabadyr Garpamyk hem gatnaşyp, bu ýere gelenlere aýratyn şatlyk eçildiler. Artistleriň baýramçylyk çykyşlary, gülküli oýunlar özboluşly häsiýete eýe bolup, çagalarda uly täsir galdyrdy. Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň artistleriniň ýerine ýetiren çykyşlary dabaranyň şüweleňini has-da artdyrdy. Çagalara Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan Täze ýyl mynasybetli süýjülik sowgatlarynyň gowşurylmagy dabaralaryň esasy wakalarynyň birine öwrüldi.

(Ýörite habarçymyz).
Surata düşüren Alekseý GIMALETDINOW.
Beýleki habarlar