Täze ýylda ilkinji bäbek

2 Ýanwar 2024
517

Arkadag şäherinde dünýä indi

Halkymyzyň uly ruhubelentlik, beýik geljege röwşen umytlar bilen gadam basan 2024-nji — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ilkinji pursatlarynda täze ýyldaky ilkinji bäbejik dünýä indi. Arkadag şäherinde dünýä inen bu oglanjyga onuň ata-enesi Arkadag diýip at goýdular. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň egsilmez yhlasyndan, Watanymyza çäksiz söýgüsinden binýat bolan geljegiň şäherinde nurana arzuwlaryň ganat baglap, wysala gowuşýandygynyň, Arkadagly nesilleriň dowamat-dowamlygynyň, halkymyzy döwletli döwrana ýetiren Milli Liderimize belent hormat-sarpanyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

(Ýörite habarçymyz).
Beýleki habarlar