Şanly ýylyň tutumlaryna goşant

23 Dekabr 2023
500

Şu ýylyň 31-nji oktýabrynda geçirilen Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda bilim bermegiň usulyýetini kämilleşdirmek, ylym ulgamyny yzygiderli ösdürmek we oňa häzirki zamanyň ösen tejribesini, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak meselelerine aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi. Ýaş türkmenistanlylary ylymly-bilimli, hünärli edip ýetişdirmegiň, olaryň dünýä ylmyna çuňňur aralaşmagyna giň ýol açmagyň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekip, alym Arkadagymyz bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Tamamlanyp barýan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hem möhüm wezipeler öňde goýuldy. Birinjiden, Gahryman Arkadagymyz ýokary okuw mekdebimiziň talyplarynyň Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen nesle degişlidigini aýratyn nygtaýar. Şoňa görä, geljekki halkaraçy hünärmenler, ilkinji nobatda, halkara gatnaşyklar ulgamynda döwletimiziň we milletimiziň milli bähbitlerini mynasyp goramagy düýpli öwrenmelidirler. Ikinjiden, diplomatyň esasy hünär serişdesi daşary ýurt dilini hemmetaraplaýyn kämil bilmek bilen baglydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlara bu babatda bildirýän ynamyny ödemek üçin talyplarymyza BMG-niň resmi dilleri bolan iňlis, rus, fransuz, hytaý we arap dillerinde gepleşikleri alyp barmagy öwretmek institutymyzyň mugallymlarynyň borjudyr. Munuň üçin Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen açylan bilim ojagymyzda ähli zerur şertler döredilendir. Üçünjiden, türkmen diplomatiýasynyň ýokary mekdebiniň talyplary döwletimiziň düýp binýadynda duran milli ýörelgelerimize çuňňur sarpa goýmak ruhunda özlerini kämilleşdirmeklerini dowam etmelidirler. ÝUNESKO-nyň abraýly sanawlaryna girizilen gymmatlyklarymyz medeni diplomatiýanyň serişdeleri hökmünde ata-babalarymyzyň şöhratyny dünýä ýaýmakda olara kömek eder. Bu ugurda institutda geçen okuw ýylynda açylan «Parahatçylygyň medeniýeti» atly ÝUNESKO klubunda netijeli işler alnyp barylýar. Dördünjiden, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly täze ylmy açyşlara, innowasion çözgütlere we beýleki döredijilik üstünliklerine beslenen ýyl boldy. Institutda hereket edýän dürli okuw-ylmy merkezler, talyplarymyza ýurt, sebit we halkara derejede geçirilýän bäsleşiklere gatnaşmaga döredilen mümkinçilikler munuň üçin doly esas berýär.

Jumamyrat GURBANGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory, taryh ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar