Saklanyp galan pursatlar

21 Dekabr 2023
861

1996-njy ýylyň ýanwar aýydy. SSSR-iň halk artisti, meşhur aktýor we kinorežissýor Rolan Antonowiç Bykow we maşgalasy, aktrisa Ýelena Sanaýewa ýurdumyza döredijilik sapary bilen gelenlerinde Kerki şäheriniň gadymy ýadygärlikleri bilen tanyşmak üçin bu toprakda myhmançylykda boldular.

Şol döwür Kerki etrap häkiminiň medeniýet baradaky orunbasary hökmünde arzyly myhmanlara ýolbelet bolmak paýyma düşdi. Olar bilen şäheriň golaýynda ýerleşýän il arasynda «Gorgan depe» diýlip atlandyrylýan Kerki beginiň galasyna, Emin Ýahudyň kerwensaraýyna, Şahy-Aňka galasyna (Annaguly depe), Daşsaraý köşgüne aýlanyp, gadymy ýadygärlikleriň geçmiş-taryhy barada gürrüň berdim. Gyzykly geçen gezelenjiň dowamynda olar bilen ýadygärlik surata düşdük. Aradan ýyllar geçse-de, bu suraty elime alanymda ömür örküni kino sungatyna baglan ussatlar baradaky ýakymly ýatlamalar serime dolýar.

Keýik UMAROWA.
Beýleki habarlar