15-nji dekabrda Arkadag şäheriniň Söwda toplumynyň «Arzuw» toý mekanynda ýaş zehinli aýdymçylaryň arasynda yglan edilen «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.
Mälim bolşy ýaly, bu bäsleşigi Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi hem-de Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilelikde guradylar. Bäsleşige Aşgabat, Arkadag şäherlerinden hem-de ýurdumyzyň welaýatlaryndan 17 — 35 ýaş aralygy bolan ýaşlar gatnaşdylar.