Täze ýyl şatlygy

20 Dekabr 2023
1068

Ýakynda paýtagtymyzda ýerleşýän «Gülzemin» söwda-dynç alyş merkeziniň «Altyn» toý mekanynda «Hoş geldiň, Täze ýyl eziz Diýara!» atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Aşgabat şäher häkimligi bilen Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda geçirilen dabara ýaşuly nesliň wekilleri, dürli pudaklarda zähmet çekýän ildeşlerimiz, talyp ýaşlar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Bilşimiz ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli künjeginde, şol sanda ak mermerli paýtagtymyzda Täze — 2024-nji ýyly mynasyp garşylamak ugrunda taýýarlyk işleri batly depginlerde alnyp barylýar. Baýramçylyk dabaralaryny aýdym-sazly konsert maksatnamalary bezeýär. Toý lybasyna bürenen paýtagtymyzyň ajaýyp keşbi, yşyklandyryş bezegleri, Täze ýyl ýazgylary bolsa ildeşlerimiziň baýramçylyk şatlygyny goşalandyrýar.

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar