Milli gymmatlyklarymyz — milletiň buýsanjy

19 Dekabr 2023
651

Mekdebimizde «Milli gymmatlyklarymyz — milletiň buýsanjy» diýen mowzukda çäre geçirildi. Onda Milli Liderimiziň eserleriniň esasynda dünýä medeniýetiniň hazynasyna giren gadymy gymmatlyklarymyz hakynda gyzykly söhbet edildi.

Ahalteke bedewimiz, nepis halymyz, alabaý itimiz, saryja goýnumyz ýaly we başga-da onlarça gymmatlyklarymyzyň milli medeniýetimiziň aýrylmaz bir bölegini düzýändigi, olaryň dünýä medeniýetiniň hazynasyna öwrülendigi baradaky buýsançly gürrüňler ýaşlaryň mähriban Watanymyza, şöhratly geçmişimize we şu günümize bolan buýsanjyna buýsanç goşdy. Tamamlanyp barýan 2023-nji ýylda milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýan wakalaryň juda köp bolandygy barada hem aýdyldy. Şolaryň birisi ýurdumyzyň «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly hödürnamasynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigidir. Parasatly halkymyzyň özüniň asylly gylyk-häsiýetini, paýhasyny watançylyga ýugrulan «Görogly», «Gorkut ata» ýaly şadessanlaryna, ruhuňy galkyndyrýan sazlarydyr aýdymlaryna, «Küştdepdi» ýaly tanslaryna, nepis halysyna, şowurdaýan ketenisine, şaý-seplerine, meşhur ahalteke bedewlerine, wepaly alabaýyna geçirendigi baradaky söhbetler ýaşlarda uly täsir galdyrdy.

Mamajan JORAÝEWA,
Çärjew etrabyndaky 3-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar