Juwan ýürekleriň joşguny

18 Dekabr 2023
533

«Ýylyň parlak ýyldyzy» atly bäsleşikde öz beýanyny tapdy

Türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklarynyň hatarynda aýdym-saz sungatyna aýratyn orun degişli. Bu sungat ýüreklerden-ýüreklere geçip, heňňamlaryň gujagynda kämilleşip geldi. Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň ýaş zehinli aýdymçylarynyň arasynda geçirilmegi däbe öwrülen «Ýylyň parlak ýyldyzy» atly bäsleşigiň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyndaky tapgyry hem ýokary ruhubelentlige beslendi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Medeniýet ministrliginiň, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde guramagynda indi on bäşinji gezek geçirilýän bäsleşigiň Arkadag şäher Söwda toplumynyň «Arzuw» toý mekanynda geçirilen jemleýji tapgyryna ýaş ýerine ýetirijileriň 10-sy gatnaşdy. Olaryň çykyşlaryna deslapky tapgyryň dowamynda teletomaşaçylaryň hem-de radiodiňleýjileriň has köp bölegi ses berdi. Ýaryşyň şertine görä, bäsleşige gatnaşyjylaryň her biri iki aýdym ýerine ýetirdi.

Şamyrat MUHAMMETGURBANOW,
«Medeniýet we syýahat» žurnalynyň jogapkär kätibi.
Beýleki habarlar