«Ak gäminiň» ak ýoly

14 Dekabr 2023
650

Şu ýylyň 7-12-nji dekabry aralygynda Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde Çingiz Aýtmatowyň doglan gününiň 95 ýyllygy mynasybetli «Aýtmatow we teatr» atly VI halkara teatr festiwaly geçirildi.

Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň we Russiýa Federasiýasynyň teatrlarynyň döredijilik toparlary bilen birlikde, bu festiwala ýurdumyzdan Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň döredijilik topary hem gatnaşdy. Ildeşlerimiz bu festiwalda Çingiz Aýtmatowyň «Ak gämi» eseri esasynda Perhat Hudaýberenowyň sahnalaşdyran spektakly bilen Gyrgyz Respublikasynyň milli akademiki drama teatrynda çykyş etdiler.

Şamyrat MUHAMMETGURBANOW.
Beýleki habarlar