«Gar harasaty»

14 Dekabr 2023
544

Şeýle at bilen 10-njy dekabrda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda türk dramaturgy Tunjer Jüjenoglunyň pýesasy esasynda režissýor Eziz Işangulyýewiň sahnalaşdyran adybir spektaklynyň ilkinji görkezilişi boldy. Durmuşa söýgi, nesilleriň dowamat dowam bolmagy ýaly belent duýgulary sahna dili arkaly tomaşaçylara ýetirýän spektaklda B.Garlyýew, A.Didarow ýaly ýaş zehinler bilen bilelikde halypa artistler E.Orazmyradowa, O.Durdyýew, M.Çaryýewa dagy baş gahrymanlaryň keşplerini ynandyryjy janlandyrýarlar.

* * *

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar