Baky Bitaraplyga bagyşlandy

11 Dekabr 2023
678

Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllyk baýramçylygyna bagyşlanyp, «Berkarar, bagtyýar, Bitarap Watan!» atly medeni çäre geçirildi. Dabarada hormatly Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hemişelik Bitaraplyk syýasatymyzyň — dünýä dolan taglymatyň ýurdumyzyň abadançylygyna, dünýäde baky parahatçylygyň we dostluk-doganlygyň, durnukly ösüşiň ygtybarlylygy hökmünde ykraryýete eýedigi barada çykyş etdiler.

Döwlet kitaphanasynyň direktorynyň orunbasary Altyn Kakaýewanyň, «Türkmen dünýäsi» gazetiniň jogapkär kätibi, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti, ýazyjy Döwrangeldi Agalyýewiň, halypa şahyr, «Edebiýat we sungat» gazetiniň bölüm müdiri, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň birnäçe gezek ýeňijisi, «Gaýrat» medalynyň eýesi Süleýman Ilamanowyň, Döwlet kitaphanasynyň medeni köpçülik işleri bölüminiň ýokary derejeli kitaphanaçysy Ejebaý Durdyýewanyň çykyşlary örän täsirli boldy. Baýramçylyk dabarasynyň çäginde Döwlet kitaphanasynyň gaznasyndan alnan seýrek neşirler esasynda «Halkara Bitaraplyk — baky bagtyýarlyk» ady bilen giňişleýin kitap sergisi guraldy.

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar