Sungat — kalplaryň köprüsi

7 Dekabr 2023
631

Hakykatdan-da sungat halklary birleşdirýär. Sebäbi haýsy dilde sözleýändigine, nirede ýaşaýandygyna garamazdan, ylhamyň önümi bolan sungat eseri hemmeler üçin umumy hazyna. Ýurdumyzda öňňin badalga alan «Hemişelik Bitaraplyk — dost-doganlyk binýady» atly dünýä nusgawy sahna eserleriniň hepdeliginiň meýilnamasyna girizilen spektakllaryň her biri barada şeýle sözleri aýdyp bolar.

Hepdeligiň ilkinji gününde Türkmen döwlet gurjak teatrynyň döredijilik topary dünýä çagalarynyň uly söýgüsine eýe bolan «Maşajyk we aýy» hakdaky ertekini körpeje tomaşaçylara hödürledi. Lebap welaýatynyň S.Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatry bolsa hepdeligi rus dramaturgy A.Wampilowyň «Myhmanhanadaky başagaýlyk» atly sahna oýny bilen açdy. Şeýle-de şol gün Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda özbek dramaturgy Seýit Ahmediň «Gelinler» atly oýny görkezildi. Bu spektakl tomaşaçylary özbek durmuşynyň täsirli pursatlaryna aralaşdyrsa, Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda başgyrt dramaturgy Mustaý Kerimiň «Aý tutulan gijesi» eseri esasynda sahnalaşdyrylan «Akýigit we Zümerret» spektakly asyrlaryň aňyrsyndaky wakalardan gyzykly söhbetler guraýar. Osetin obasynda ýaýbaňlanýan wakalar beýan edilýän «Andro we Sandro» atly sahna oýnunyň görkezilişi-de tomaşaçylarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Osetin dramaturgy Georgiý Hugaýewiň eseri esasynda goýlan bu spektaklda A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň artistleri özlerine ynanylan keşpleri diýseň täsirli janlandyrmagy başarypdyrlar.

Nobaraly NOBARALYÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar