Taryhy taryply tagamlar

7 Dekabr 2023
578

Taryhçylaryň Seljuk türkmen soltanlarynyň şahandazlygy, myhmansöýerligi baradaky ýazgylarynda olaryň toý-meýlisleriň tutumyny uludan tutandyklary, naz-nygmatly saçaklary giňden ýazdyrandyklary bellenilýär. Taryhçy Ýazyjy ogly Aly «Seljuk türkmenleriniň taryhy» atly işinde unaş tagamyny ilkinji bolup Türküstanyň şasy, Garahanly türkmen döwletini esaslandyran Bugra hanyň oýlap tapandygyny ýazýar. Şonuň üçin öňler unaşy «Bugra hany» diýip atlandyrypdyrlar. Orta asyrlarda türkmenler bugdaýa «aş», çörege bolsa «aşlyk» diýipdirler.

Türkmen halk döredijilik eserlerinde:

Hatyja TAGANOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar