Dana şahyra belent sarpa

5 Dekabr 2023
651

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşulandygy baradaky hoş habar ulus-ilimiziň göwün guşuny ganatlandyrdy. Munuň şeýledigine Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň häzirki şanly günlerinde berkarar Watanymyzda ýaýbaňlandyrylan dabaraly maslahatlarda aýdyň göz ýetirip bolýar. Änew şäherindäki Medeniýet öýünde şatlykly wakanyň, hoş habaryň şanyna geçirilen dabaraly maslahat hem egsilmez ruhubelentlige beslendi. Oňa welaýatymyzyň ähli etraplaryndan dürli kärdäki we hünärdäki bagtyýar ildeşlerimiz bilen bir hatarda, dili senaly ýaşulular, mährem eneler gatnaşdylar.

Welaýat häkimligi, Medeniýet müdirligi hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda bolan dabaraly maslahatda gyzykly çykyşlar diňlendi. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň teklibi boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Baş maslahatynyň 42-nji mejlisiniň dowamynda 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleri tassyklamak boýunça kabul edilen Kararnama laýyklykda, Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy hem bu seneleriň sanawyna goşuldy. Bu waka Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmeniň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň gymmatly mirasyny gorap saklamak, öwrenmek we wagyz etmek ugrundaky taýsyz tagallalarynyň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky dabaralanmasydyr.

Beýleki habarlar