Türkmeniň naýbaşy toýy

4 Dekabr 2023
738

Dünýä halklarynyň ýaşaýyş-durmuşynyň özboluşlylygy ýaly, türkmen halkynyň toý tutuşynyň, milli däp-dessurlary berjaý edişiniň hem özboluşly aýratynlyklary bar. Halkymyz gadymy däp-dessurlara, milli ýörelgelere örän baýdyr.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda halkymyzyň milli medeni-mirasy täzeden dikeldilýär, çuňňur öwrenilýär hem-de ösen döwrümize laýyk dowam etdirilýär. Türkmeniň milli aýratynlyklary şeýle baý mazmunly mirasynda jemlenendir. Halkymyzyň ahlak päkligi, sabyr-kanagaty, giň dünýägaraýşy, zehin-başarnygy milli duýgularymyzyň many-mazmunyny düzýär. Toýy üçin hiç zadyny gaýgyrmaýan, oňa tutumly taýýarlyk görýän, şadyýanlykda geçirýän milletimiziň dabarasy göreni haýran edipdir. Ir zamanlarda öýlenmekçi bolýan ýigide sähra tarapa ýaý atdyrypdyrlar. Onuň peýkamynyň düşen ýerinde ýurt tutulyp, toý toýlanypdyr. Wagtyň geçmegi bilen, toý däpleri döwre görä baýlaşyp, onuň üsti ýetirilipdir. Däp-dessura baý türkmen halkynyň gelin toýlary her etrapda öz aýratynlygy we üýtgeşikligi bilen tapawutlanýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tutulýan toýlar dünýäni haýrana goýýar.

Mamajan AKYÝEWA,
Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý dabaralary merkeziniň Medeni usulyýet merkeziniň usulyýetçi maslahatçysy.
Beýleki habarlar