Döwürleriň dessany

30 Noýabr 2023
694

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Reňkler döwürleriň dessany» atly sergi guraldy. Sergi muzeýiň gaznasynda saklanylýan, XX asyryň 30-njy ýyllarynda Diýarymyzda iş saparynda bolan görnükli rus suratkeşleriniň we türkmen nakgaşlarynyň nusgalyk işlerinden ybaratdyr. Zakaspiý oblast muzeýinde bezeg suratkeşi bolup işlän Konstantin Mişiniň «Gamyşlar», «Garagum», 1930-njy ýyllarda ýurdumyza syýahat eden N.B.Terpsihorowyň «Täze durmuş. Oba», K.A.Wýalowyň «Kükürt zawody», I.I.Çerinkonyň «Pagta ýygymçylary» ýaly halkymyzyň medeni durmuşyny we türkmen tebigatynyň täsinliklerini çeper suratlandyrýan eserleri serginiň esasy bezegi boldy. Üstünden 100 ýyla golaý wagt geçen bu işler halkymyzyň geçmiş-taryhyny öwrenmäge, janly şekillerde synlamaga uly mümkinçilikleri döredýär.

Jennet AMANOWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň bölüm müdiri.
Beýleki habarlar