Ösüşlere beslenýän menziller

30 Noýabr 2023
746

Häzirki zaman tehnologiýalary — mümkinçilikler giňişligi. Dünýä ösüşleri bilen aýakdaş gadam urmagyň innowasiýalar bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny Gahryman Arkadagymyz hemişe nygtaýar. Bu pikiri hormatly Prezidentimiz hem üstünlikleriň ilkinji şertleriniň biri hökmünde öňe sürýär. Şeýle öňdengörüjilikli garaýyşlar milli telekommunikasiýalar ulgamynda-da özgerişlikleri emele getirdi. Bu bolsa milli teleradioýaýlymlarymyzyň işinde täze mümkinçilikleriň giňişligini döretdi. Ol özgerişlikler «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkeziniň işe girizilmegi bilen täze depgine eýe boldy.

2011-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda ulanylmaga berlen, beýikligi 211 metre barabar bolan «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkezi dünýäde deňiz derejesinden ýokarda duran iň iri we iň beýik binalaryň biridir. Merkez häzirki zamanyň iň kämil telekommunikasiýa enjamlarynyň täze görnüşleri, montaž, grafiki studiýalar bilen üpjün edilendir. Binadaky Oguz hanyň sekiz burçly äpet ýyldyzy «Dünýäniň arhitektura tehniki usulda şekillendirilen iň uly ýyldyz» diýen at bilen dünýä rekordlarynyň sanawyna goşuldy. Yzygiderli döwrebaplaşdyrylýan enjamlaryň döredýän mümkinçilikleri bilen baglylykda, teleýaýlymlarda berilýän şekillerdir sesleriň durulygy üpjün edilýär. Şeýlelikde, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen türkmen teleradioýaýlymlarynyň işine aýratyn üns berlip, 2007-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda «Owaz» radioýaýlymy, 2009-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda «Türkmen owazy» teleýaýlymy, 2012-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda «Türkmenistan sport» we «Aşgabat» teleýaýlymlary işläp başlady. Şu ýyl bolsa gözel Arkadag şäherinden adybir teleýaýlym ýaýlyma çykyp ugrady.

Meýlis GARADURDYÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar