Pyragynyň eserleri — halk kalbynyň owazy

15 Noýabr 2023
653

Türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň dürdäne şygyrlary taryha siňen asyrlarda öz yzyny goýup, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe nuruny bolluk bilen eçilýär. Hut şonuň üçinem dana söz ussadyna asyrlaryň hem nesilleriň şahyry diýilýär. Oňa bütin dünýäde hormat-sarpa goýulmagy şahyryň pähim-paýhasa, parasatlylyga ýugrulan şygyrlarynyň ýüreklere barýanlygyndadyr, adamlara ylham berýänligindedir hem-de çuňňur many goýazylygyndadyr. Bu gün akyldaryň nakyla öwrülip giden goşgy setirlerini dünýä halklary öz ene dillerinde okap, onuň şahyrana dünýäsine, eserleriniň many-mazmunyna haýran galýarlar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aýdyşy ýaly, «Gündogaryň beýik akyldary we danasy Magtymguly Pyragy özüniň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary bilen ynsan kalbynda baky orun aldy. Dana Pyragynyň ynsanperwerligi, halallygy, agzybirligi ündeýän eserleri ähli adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr». Türkmen halkynyň görnükli şahyrynyň baý edebi mirasy dünýä medeniýetiniň hazynasynda mynasyp orun eýeleýär. 

Pyragy şygyrlary bilen ynsan kalbyna nagyş çeken akyldardyr. Onuň eserlerinden durmuşyň ähli soraglaryna jogap tapmak bolýar. Bu şahyryň goşgularynyň durmuşyň ähli taraplaryny öz içine alyp, ýamany ýazgaryp, ýagşyny ýaýýandygy, maşgalany, Watany mukaddes saýýandygy bilen baglanyşyklydyr. Onuň döredijiligi ýaş nesli terbiýelemekde nusgalyk mekdep bolup durýar.

Ýazmyrat Godekow,
Balkanabat şäher döwlet notarial edarasynyň uly döwlet notariusy, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.
Beýleki habarlar