Mukama siňen ömür

9 Noýabr 2023
619

Ýurdumyzda meşhur türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli «Mukama siňen ömür» atly festiwal geçirildi.

Festiwalyň deslapky gününde paýtagtymyz Aşgabatda, şeýle hem Arkadag şäherinde, ýurdumyzyň welaýatlarynda guralan köpöwüşginli çäreler ýokary ruhubelentlige, ajaýyp duýgulara beslenip, olara medeniýet we sungat işgärleri, türkmen sazynyň muşdaklary, ýaşuly nesliň wekilleri, ýaşlar gatnaşdylar. Festiwalyň açylyş dabarasy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda geçirilip, onda ilki çykyşlara orun berildi. Çykyşlarda kompozitoryň ömri we döredijiligi baradaky gyzykly gürrüňler, ýatlamalar öz beýanyny tapdy.

Beýleki habarlar