Nepisligiň dürdänesi

8 Noýabr 2023
520

Ýakynda Aşgabat şäher häkimliginiň mejlisler zalynda Aşgabat şäheriniň ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna «Dizaýn» ugry boýunça girizilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Oňa il sylagly ýaşulular, dürli pudaklarda zähmet çekýän ildeşlerimiz hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Bilşimiz ýaly, Aşgabadyň häzirki kämil şähergurluşyk-binagärlik keşbi Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň, çuňňur pähim-parasatynyň aýdyň miwesidir. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bolsa bu günki gün merjen şäherimiz dünýäniň has ösen we ýaşamak üçin has oňaýly şäherleriniň hataryndan mynasyp orun aldy. Paýtagtymyzyň çägindäki desgalaryň onlarçasy Aşgabat şäheriniň özi bilen bilelikde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly şygary astynda geçýän 2023-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda, halkara derejesinde giňden bellenilen şäherleriň Bütindünýä gününde bolsa, Aşgabadyň «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilendigi baradaky hoş habaryň gelip gowuşmagy hem paýtagtymyzyň täze taryhynda ýatdan çykmajak taryhy pursatlaryň birine öwrüldi. Dabaraly maslahatda çykyş edenler bular dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler hem-de ýurdumyzyň, mähriban paýtagtymyzyň halkara abraýyny belende galdyrmak ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar