Dost-doganlyk gatnaşyklary — köňülleriň aýdymy

7 Noýabr 2023
778

Türkmen halkynda «Goňşy goňşudan görk alar», «Goňşy goňşyň hem görki, hem örki», «Haýyr dile goňşyňa, rysgal gelsin aşyňa» ýaly goňşy gadyryny beýgeldýän nakyllar, aýtgylar bar. Bu halk durmuşynda goňşuçylyk gatnaşyklaryna goýulýan sarpany aňladýar. Ýakynda Özbegistan Respublikasynda geçirilen Türkmenistanyň Medeniýet günleri hem doganlyk halklaryň mizemez dostlugynyň nyşany boldy. Iki goňşy halkyň edebiýatyna, aýratyn-da, Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan döredijilik duşuşygyndan başlanan çäreler, Buharada türkmen halysynyň muzeýiniň we haly dokalýan kärhananyň dabaraly açylyşy bilen utgaşdy. Medeniýet günleri mynasybetli geçirilen konsertler iki halkyň dostlugyny aýdyň alamatlandyrdy. Şekillendiriş, amaly-haşam sungaty eserleriniň sergisine özbek doganlarymyz tomaşa etdiler.

Medeniýet günlerine gatnaşan türkmen toparynyň wekiliýetinde bu mekanyň gadymy taryhy ýadygärlikleri uly täsir galdyrdy. Buharadaky Gögeldaş medresesi, Bahaweddin Nagyşbendiniň zyýarathanasy we beýleki taryhy ýadygärlikleriň gadymylygy iki doganlyk halkyň ruhy-medeni kökleriniň birligini alamatlandyrýar. Ýeri gelende, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda türkmen medeniýetine, taryhyna, edebiýatyna, ylmyna bagyşlanan we hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça bilelikdäki çäreleriň geçirilendigini bellemeli. Özbegistanyň Horezm welaýatynda şu ýylyň martynda geçirilen «Magtymguly Pyragy — türkmen-özbek dostlugynyň köprüsi» atly ylmy maslahatyň çäginde Magtymguly Pyragynyň özbek diline terjime edilen goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyşyny özbek edebiýatçylary guwanç bilen ýatlaýarlar. Özbek edebiýatçy alymlary, şahyrlary Magtymguly Pyragynyň döredijiligine uly sarpa goýýarlar. Özbek dilinde ýerine ýetirilýän aýdymlaryň aglaba böleginiň Magtymguly Pyragynyň goşgulary bolmagy biziň üçin guwandyryjy ýagdaýdyr.

Sähragül JANMÄMMEDOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar