ASYRYŇ USSAT NAKGAŞY

7 Noýabr 2023
605

XX asyr türkmen şekillendiriş sungatynyň düýbüni tutujylaryň biri bolan Yzzat Gylyjowyň 100 ýyllygy ýakynda uly dabara bilen bellenilip geçildi.

Bereketli güýzüň ikinji aýy bolan oktýabr agzalanda medeni gurşawyň giňişliklerinde hakykaty çeper keşplerde beýan etmekde tapawutlanan, adam zähmetiniň edebiýat, suratkeşlik, grafika, heýkeltaraşlyk, bezeg, binagärlik, amaly-haşam sungaty, aýdym-saz, teatr, kino ýaly görnüşleriniň ylmy we durmuş «harplygyny» düzüjileri hasap edilýän Ş.Batyrowyň, K.Gurbannepesowyň, G.Daşgynowyň, A.Çarygulyýewiň, A.Kekilowyň, P.Saryýewiň, Sapargeldi Annasähet Iner oglunyň, N.Annatyýewanyň, O.Apbasowanyň, T.Jumageldiýewiň, G.Daňatarowyň we Y.Gylyjowyň mertebeli atlary, ykballary kalbymyzda ilkinjileriň hatarynda janlanýar. Türkmen şekillendiriş sungatynyň soňky ýüz ýyllyk ösüş taryhy, olaryň çeperçilik dünýäsiniň gözellikleri wasp edilende Yzzat Gylyjowyň ady buýsanç bilen tutulýar. XX asyr türkmen şekillendiriş sungatynyň düýbüni tutujylaryň biri bolan Yzzat Gylyjowyň 100 ýyllygy ýakynda uly dabara bilen bellenilip geçildi.

Dädebaý PÄLWANOW
Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap häkimliginiň hünärmeni
Beýleki habarlar