Dost-doganlyk şuglasy

4 Noýabr 2023
691

31-nji oktýabr — 2-nji noýabr aralygynda paýtagtymyzda Türkmenistanyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň syýahatçylyk we amaly-haşam sungatynyň sergisi, şeýle-de iki ýurduň sungat ussatlarynyň konserti guraldy. Syýahatçylyk islendik döwletiň ykdysady ösüşiniň esasy görkezijileriniň biri bolmak bilen, ýurdumyzda bu ugry ösdürmekde uly işler durmuşa geçirilýär. «Nusaý», «Dehistan», «Köneürgenç», «Daýahatyn», «Gadymy Merw» ýaly taryhy-medeni ýadygärliklerimizi görmäge, şeýle-de eziz Watanymyzyň gözel künjeklerine gezelenç etmäge isleg bildirýänleriň sany barha artýar.

Gadymy döwürlerde türkmen topragy Gündogar bilen Günbatary birikdiren Beýik Ýüpek ýolunyň merkezi bolupdyr. Bu ýoluň ugrunda täze ykdysady gatnaşyklar giň gerim alýar. Şunda esasy ugurlar söwda, ulag we logistika, syýahatçylyk, medeniýet bilen baglanyşyklydyr.

Şamyrat MUHAMMETGURBANOW.
Surata düşüren awtor.
Beýleki habarlar