Halypadan tälim alan halypa

2 Noýabr 2023
568

Gyzyltakyr obasynda her gün säher guşlaryň sesine ses goşup, gara gazmanyň şirin owazy ýaňlanýar. Ol goja sazanda, bagşy Uzakbaý Tuwakowyň şabram şelpeleriniň owazy.

Uzakbaý aga togsanyň bir çetinden giren adam. Emma onuň gara gazma erk edişi jahyl ýigitleriňkiden kem däl. Ykbalyny aýdym-saza bagyş eden her bir adamyň halypa gol berşi ýaly, Uzakbaý aga-da ýaşlygyndan meşhur bagşy, türkmen aýdym-saz sungatynyň çowdur ýolunyň ussady Palta Garaýewiň gaşynda taplanyp, onuň ak patasyny alypdyr.

Atamyrat ŞAGULYÝEW,
žurnalist.
Beýleki habarlar